<?xml version="1.0" encoding="utf-8"?> <document> <s id="1">Onsoň aňyrda Şorguýam daş däldir.</s> <s id="2">Ýogsa ony ýyksa bolar — diýip uly gürlänmiş.</s> <s id="3">Çanagyň gyralaryna ýelmeşip galanyny elleri bilen syryp aldy.</s> <s id="4">Ony özüne süýşürip uzynly gije gujaklap ýatdy.</s> <s id="5">Şo duran ýerinde aşak çöküp gyşardy.</s> <s id="6">Ine, şol çilik oýnap urşanlaryň biri şu tüýdük çalyp oturan Tarhandy.</s> <s id="7">Kämahal bir tilki görünýärdi.</s> <s id="8">Ýöne öz şägirdiniň aty niçik seýislänini bilmek üçin şo toýa Ahal bilen gidipdi. — Meniň göwnüme bolmasa, ol daňdan çapylmadyk ýaly — diýip, halypa seýis aýtdy.</s> <s id="9">Ony aňsatlyk bilen beräýmezler.</s> <s id="10">Özi ýaly ýigitleriň köpüsi şeýledi.</s> <s id="11">Ýene-de şadyýan şorta sözler aýdyldy.</s> <s id="12">Ahal gozgandy.</s> <s id="13">Garadolan pälwanyň adyny Ahal köp eşidipdi.</s> <s id="14">Mallaryň çep gulagyndan, sag gulagyndan gädip tagmalaýyşlary ýaly, taýaklaryna-da öz nagyşlaryny çekýärdiler.</s> <s id="15">Ilaman ikimiz barlaly — diýdi.</s> <s id="16">Hol ýerde çagalar üýşüp ýaý atýarlar, ylgaýarlar, gülüşýärler.</s> <s id="17">Gylyç inen bolsa onuňam çat maňlaýyndan inmelidi.</s> <s id="18">Gulgeldi şo ýerde.</s> <s id="19">Obanyň itleri atlylary ysyndan tanaýan ýaly, jabjynyp topulmadylar.</s> <s id="20">Galtamanlar iki atlyny gördüler.</s> <s id="21">Serbazlar sizi talap, ýesir alyp gaýdýar.</s> <s id="22">Onuň entek dyzanagy aýrylmandy.</s> <s id="23">Bujnurd şerabyny içip, haremhanalarda keýp çekmek üçin Keraly söwdagäriň dükany ýaly dükanyň bolmagy ýeterlik däl.</s> <s id="24">Onuň bilen bir gezek uransoň ikinji gezek urjak bolup oturmagyň geregem ýok.</s> <s id="25">Olaram kä öz goşgularyny, kä özgeleriň goşgularyny ýatdan okar ekenler.</s> <s id="26">Ol Burjuly gaýanyň gerşinden sallanyp ugrapdy.</s> <s id="27">Şonda-da olar has-has edip, dillerini sallaşyp ýatyrdylar.</s> <s id="28">Ahal atyň başyny beýläk sowdy.</s> <s id="29">Şorguýuda çişlig-ä bolardy — diýip yjaza soraýan ähende gürläp, Ahalyň ýüzüne seretdi.</s> <s id="30">Ýüzüne gündogaryň ajaýyp owadan nagyşlary çekilen "Kuranyň" süreleri ýazylan diwarlar diýseň owadandy.</s> <s id="31">Ekiniň gyrasyndan girip, gelýän topar sülgüne diýseň çalymdaş gyzlaryň ýüzi hol ilerki pürs dikilip, ýörite edilen, hiňňillige tarapdy.</s> <s id="32">"Barat pälwan pylan ýerde göreşende pylan pälwanyň goluny döwüpdir, pylan pälwany seňseledipdir" diýen ýaly sözleri Ahal ozalam telim gezek eşidipdi.</s> <s id="33">Haly beg ýatyp-ýatyp çabalanyp ýalbarýardy.</s> <s id="34">Onuň aman dileýän gözleri gorkudan ýaňa delmirip, özüniň jelladyna seredýärdi.</s> <s id="35">Kä ol badak saldy, kä beýleki içden çilşirdi.</s> <s id="36">Käwagt bir "haw-haw" edip ýaltalyk bilen üýrdüler.</s> <s id="37">Atyň guýrugyndan aslyşjakdylar, habyrdap hasanaklajakdylar.</s> <s id="38">Ol işi edeniňden soňra, toklyny il-gün saňa bagyşlar.</s> <s id="39">Çepiksi ýigit öýlenende onuň gelni bilen geçiren ilkinji agşamyny diňläpdirler. — "Garadolan pälwany ýykdym" diýip, gelniniň ýanynda öwünýä — diýip, Garamergen aýtdy.</s> <s id="40">Köçeleriň gatnawy uly däldi.</s> <s id="41">Ol özüniň şol gylygyny aklamak üçin: — Nahardan öň birki agyz gury çörek iýmek sogapmyşyn — diýerdi.</s> <s id="42">Iň baý öýüň gyzynyň galyňyndanam ýokary.</s> <s id="43">Patyşa-da oňa: — Göreşde ataňam bolsa ýykmalydyr.</s> <s id="44">Birden tätänlik boldy.</s> <s id="45">Ýigitleriň ýanynda bolsa günäni öýdäkileriň üstüne atdy.</s> <s id="46">Şeýdip oba hezil berip gider ekenler.</s> <s id="47">Ol Ineri gürlemäge goýman: — Gelseň, hoş gelipsiň, guluň ýerini tapdym.</s> <s id="48">Yza öwrülip, bir-birine täzeden okdurylan atlar bu gezekki duşuşykda geçip gitmediler.</s> <s id="49">Olar düýn şu gürrüňi eşiden batlaryna atlanmandyklaryna gynandylar.</s> <s id="50">Hally oňa naýynjar garady. — Agasy, men size beýdip bilmen ahyry.</s> <s id="51">Ýeri, Şorguýa näme diýersiň?!</s> <s id="52">Birden üstüne gaýa ýykylana döndi.</s> <s id="53">"Gyzyl-kümüş şaýlardan berilmeli zekat kyrkdan bir bolmaly".</s> <s id="54">Baharyň bu gözelliklerine syn edip barýan atlynyň hem ony alyp barýan dor bedewiňem keýpi kökdi.</s> <s id="55">Şonda Garamergen: — Hiç ýerde gürrüň etmäweri, men-ä suw içmesem öljek — diýip, Ahala ýalbardy.</s> <s id="56">Gaplaňlar suwa gatnaýan ýoluny, inýän güzerini aňsat üýtgetmeýärler.</s> <s id="57">Ahalam serdar bolmaga mynasyp ýigit.</s> <s id="58">Bu guýynyň başynda dyknyşyk döremez ýaly, suwsuz mallar bir-birini basgylap harlamaz ýaly görülýän çäredi.</s> <s id="59">Heý bolmanda, çaý-nahar bermän, öňki ýerine, köne tama dykyp daşyndan beklejekdir. — Aýtsam, agasy, meniň kakama Keraly söwdagär diýerler.</s> <s id="60">Ökünip, dilini dişledi.</s> <s id="61">Gylyçlaryny gynlaryna saldylar.</s> <s id="62">Gözleri ýanyp duran ýigitler atlary bir derledenlerini kem görenokdylar.</s> <s id="63">At çalaja sojaýardy. — Tas ýalançy bolupdym.</s> <s id="64">Al howada ezraýyl ýaly bolup galgaýan jöwher gylyç häzir parlap iner.</s> <s id="65">Daň tilki guýruk bolanynda, hol ilerki açyklykda ýygnanmaly etdiler.</s> <s id="66">Ahal bu bahany eşidip begener, ýerinden towsup turar öýtdüler.</s> <s id="67">Ony guma, çopanlaryň ýanyna iberjek.</s> <s id="68">Hally perenjili gelniň deňine gelende, gelniň çabdyna Hallynyň tirsegi degdi.</s> <s id="69">Meniň yşaratyma garaşyň.</s> <s id="70">Ýoldaşlaryndan şol aýrylyşmagam onuň başyna düşen aýylganç hasratyň başlangyjydy.</s> <s id="71">Göreşde Garamergeniň döwi pesdi.</s> <s id="72">Galtamanlardan gyçyp gitseňem bir ýerde ertire çenli garaşmaly.</s> <s id="73">Märekäniň öňki gykylygy, öňki şowhunydy.</s> <s id="74">Galtamanbaşynyň şu adamdygyny Garrybaý soraman aňdy.</s> <s id="75">Sazakly gola inenlerinde olaryň öňünden gara ýapynjaly eýran serbazlarynyň eşiginde bir gara atly çykypdyr.</s> <s id="76">Puly nireden aljak.</s> <s id="77">Ol Haly begiň ýüzi diýmän, gözi diýmän çem gelen ýerine şarpyldadyp inderip ugrady.</s> <s id="78">Uzynly gün ýer depip, ýer sürüp, orak orup, kätmen urup, halys surnugan adamlar ýagyş ýaganda suwlaryň oý ýere syrygyp ýygnanyşy ýaly, ýadawlygyna garaman, kitap okalýan ýere ýygnanypdyrlar. — Sarman şu gün kitap okajak, özem pylanylarda — diýen söz toý çakylygy ýaly obany gezer eken.</s> <s id="79">Ýöne welin onuň gideli bäri ep-esli gün geçipdi.</s> <s id="80">Ataguly ýoldaşlary bilen salamlaşandan soň, Garamergene bir käse çaý içer salym garaşdylar.</s> <s id="81">Sesini çykarman, gylyjy alyp, ony Ahalyň ýanyna oklap goýberdi.</s> <s id="82">Hurşyt banu ýerinden turup, üsti-başyny düzetdi.</s> <s id="83">Öýdäkileri ony wagtynda turzupdylar. — Gitjek bolsaň wagt-a boldy.</s> <s id="84">Jarçy üçünji gezek: — Pälwanlar, gorkýan bolsaňyz, onda baýrak Barat Pälwana berilýär — diýip gygyrdy.</s> <s id="85">Olaryň üstüne abanan bela atlylardy.</s> <s id="86">Uruş gutaransoň Abaly serdaryň maşgalasyny Iner awçy Ýandakly obasyna göçürip getiripdir.</s> <s id="87">Iki-ýeke sabyrsyz çebişler, sarç işşekler taýak oklanyňa-da, ara düşeniňe-de seretmän, erjellik bilen gaçyp geçýärdiler.</s> <s id="88">Onuň depesinden inen sowuklyk bütin endamyny tikenekletdi.</s> <s id="89">Dazyrdap gelýän at obanyň çetinden girensoň kowguçylar inçejik umytlaryndan el üzmeli boldular.</s> <s id="90">Beýdip nä sypatyň bilen oba barjak?</s> <s id="91">Ony ýerinden turuzjak bolan ýigitler birden pakyrda berip gülüşdiler.</s> <s id="92">Özüni durnalar ýaly ätiýaçlydyryn öýdüp ýören Iner awçy şu gün seresapsyzlyk edip gapana düşdi.</s> <s id="93">Olam ýol urýan garakçy bolupdyr — diýip, pälwan onuň sözüniň yzyna sugşurdy.</s> <s id="94">Bu goňşyň bilen urşup, ol goňşyňy ursaň, aryň ýerine düşýämi?</s> <s id="95">Ýene ol bu ýerlere näbeletdi.</s> <s id="96">Başgasyny alarsyň, seýislärsiň.</s> <s id="97">Onuň Iner awçy bilen tanyşlygy geçen uruşda başlanypdy.</s> <s id="98">Ol towşany tutup bilmese, özem, çagalaram uzynly gije aç galmaly.</s>